Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «ZIP 90» restorany maşgala we iş dabaralaryny guraýar

10:2823.05.2023
0
30144

«ZIP 90» restorany Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dürli dabaralary – doglan günleri, ýubileýleri, toýlary, iş banketlerini we beýleki dabaralary guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Ýakymly gurşaw, milli we Ýewropa aşhanasynyň tagamlarynyň dürli görnüşleri we baş aşpeziň ussatlygy, şeýle hem dabaralary guramakda uly tejribesi bolan hünärmenler topary wagtyňyzy rahat geçirmegiňize we gündelik aladalardan dynç almagyňyza kömek eder.

«ZIP 90» restorany aýdym-saz toparlarynyň we aýdymçylaryň dürli usulda ýerine ýetirýän çykyşlaryny, baýramçylyk aksiýalaryny we mowzuklaýyn şüweleňleri yzygiderli guraýar. Myhmanlar üçin ýakymly bonus hökmünde belli bir tagamlara we içgilere arzanladyş boýunça dürli ýörite teklipler berilýär.

Bu ýere gelýän myhmanlara açyk eýwan, bilýard otagy, karaoke otagy, şeýle hem milli usulda bezelen zal hyzmat edýär.

«ZIP 90» restoranynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 160, «Balyk Tagamlary» binasy. Habarlaşmak we stollary bronlamak üçin telefonlar: (+993 12) 24 31 27 we (+993 12) 24 31 28. Restoranyň sosial ulgamdaky sahypasy.

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň