Soňky habarlar

Arhiw

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy

13:0022.05.2023
0
45297
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Ženewada geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygynda 20-nji maýda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adan Gebreisus bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, gepleşikleriň dowamynda ministr Türkmenistan tarapyndan ilat saglygyny üpjün etmek ulgamynda we bu ugurda alnyp barylýan öňüni alyş çäreler barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy BSGG-niň Baş direktoryny ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň aprelinde geçiriljek 3-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

BSGG-niň Baş direktory, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn jemgyýeti gurmak, raýatlar üçin ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk kömegini bermek, giň gerimli sanjym maksatnamalaryny amala aşyrmak, derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň elýeterliligi babatda, şeýle hem täze maglumat tehnologiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi. Bularyň ählisiniň durnukly ösüş ugrunyň hem-de lukmançylyk hyzmatlary ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellendi. Şeýle hem Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek babatda alyp barýan işlerinde BSGG tarapyndan goldaw beriljekdigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň