22 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

08:1022.05.2023
0
18354

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen awtoulag benzinini, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah mata hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 784 müň dollaryndan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň