Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: «Altyn asyr» ýarym finalda «Arkadag» futbol toparynyň garşydaşy boldy

14:5521.05.2023
0
20871

Çärýek finalyň ilkinji duşuşygynda paýtagtda «Nebitçini» 1:0 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» düýn Balkanabat şäherinde geçirilen jogap duşuşygynda hem Rahman Myratberdiýewiň goşa goly bilen ýeňiş gazandy.

Rahman gollaryny 25-nji we 60-njy minutlarda geçirdi. Şeýlelikde, «Altyn asyr» iki duşuşykda «Nebitçiniň» derwezesinden jogapsyz 3 pökgi geçirip, adyny ýarym finala ýazdyrdy.

«Aragatnaşykçylar» ýarym finalda «Arkadag» futbol topary bilen duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň