Turkmenportal logo
21.05.23
2050420504
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: «Ahal» «Şagadamy» uly hasapda ýeňip, ýarym finala çykdy
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: «Ahal» «Şagadamy» uly hasapda ýeňip, ýarym finala çykdy

«Ahal» futbol topary çempionatdaky şowsuzlyklarynyň köküni Kubok ýaryşynda gyryp, ýarym finala çykmagy başardy. Topar düýn çärýek finalyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen jogap duşuşygynda ýerli «Şagadamy» 3:0 hasabynda ýeňdi. Aşgabatda geçirilen birinji duşuşyk hem «Ahalyň» 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.


Jogap duşuşygyndaky gollary 8-nji we 25-nji minutda Pirmyrat Sultanow, 70-nji minutda bolsa Meýlis Diniýew geçirdi.


«Şagadamyň» derwezesinden iki duşuşykda 7 gol geçiren «Ahal» ýarym finalda Marynyň «Merwiniň» garşydaşy bolar.


Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan toparyň geljek ýylda yklym ýaryşlaryna gatnaşjakdygyny ýatladýarys.