Türkmenistan we Hytaý gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar

22:3920.05.2023
0
19356

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş saparynyň çäginde türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bu Ylalaşyk Türkmenistanyň we Hytaýyň gümrük edaralarynyň arasynda mundan beýläkki özara gatnaşyklar üçin hukuk esasy döredýär. Onda, hususan-da, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş, maglumat alyşmak, özara tehniki ýardamy bermek, tejribe alyşmak, gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak, ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi ýaly meselelerde bilelikdäki çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Bu Ylalaşygyň baglaşylmagy bilen, gümrük paçlaryny we beýleki tölegleri anyk hasaplamagy we töletdirmegi, şeýle hem gadaganlyk, çäklendirme we gözegçilik düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi, gümrük kanunçylygynyň bozulmagyna garşy çäreler iki ýurduň gümrük edaralarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi arkaly has netijeli häsiýete bolar diýip garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň