2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 312,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, bu görkeziji ýanwar — mart aýlarynda 263,8 million dollara deň bolupdy. Şunlukda aprel aýynda iki ýurduň arasynda 48,8 million dollarlyk söwdanyň amala aşyrylandygyny görmek bolýar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.
Şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistanyň 258,5 million amerikan dollarlyk haryt eksport etdi. Degişli döwürde Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň umumy bahasy bolsa 54,1 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, ýanwar — aprel aýlarynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,5 million dollarlyk ýa-da 1,6 göterim derejede ýokarlanyp, 312,6 million dollara ýetdi. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 8-nji orny eýeledi.
Ýeri gelende bellesek 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 2,3 milliard dollarlyk ýa-da 13,4 göterim artyp, 19,6 milliarda deň boldy.