Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «sagatlaýyn sürüji» hyzmaty ýola goýuldy

11:1420.05.2023
0
82990

Aşgabatda ulagy sürüjisi bilen bilelikde «A» nokatdan «B» nokada çenli eltmäge ýardam berýän «Ussat Sürüji» tejribeli sürüjilik hyzmaty işläp başlady.

Bu hyzmatdan sürüji haýsydyr bir adaty däl ýagdaýlarda, mysal üçin dürli hili giň gerimli çärelerden ýa-da dabaralardan soň, ýadawlygy sebäpli uzak bolan aralyga ulag dolandyrmakda kynçylyk ýüze çykan ýagdaýynda peýdalanyp biler. Şu hili ýene-de bir köp gabat gelýän ýagdaýda — ulagyň eýesi şikesli ýa-da operasiýa geçiren mahalynda ulagyny özbaşdak dolandyryp bilmeýär. Şeýle-de bu ulagyň eýesiniň heniz sürüjilik tejribesiniň az, barmaly ýeriniň bolsa uzak bolan ýagdaýynda zerur bolýar.

«Ussat Sürüji» kärhanasy eýýäm 10 ýyl bäri bu ugurda iş alyp barmak bilen, köpçülikleýin uly isleglerden peýdalanýar.

«Ussat Sürüji» HK bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda onuň hemişelik müşderileri şu mümkinçilikleri belleýärler:

  • sürüjileriň köpýyllyk tejribesi we ýokary hünär taýýarlygy (sürüjiler ussatlyk başarnyklaryny hemişe kämilleşdirýärler);
  • bahalaryň düşnükli hasaplanylyşy (gatnatmanyň tölegi kärhananyň her bir sürüjisinde bolan mobil goşundy-hasaplaýjy arkaly hasaplanýar);
  • hyzmatyň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylmagy: dynç günsüz we islendik howa şertlerinde;
  • bu hyzmat diňe Aşgabatda bolman, eýsem, şähere ýakyn ýerlerde hem ýerine ýetirilýär (Ýaşlyk — Babarap aralygyndaky ilatly zolaklarda);
  • sürüjileriň wagtynda işlemegi we medeniýetliligi: sürüji sargyt edilen ýere 10-20 minudyň dowamynda barýar.

Ýolagçy daşamak bilen birlikde, «Ussat Sürüji» kärhanasy Aşgabat şäheriniň çägine we oňa golaý ýerlere poçta ýollamalaryny — bukjalary, gülleri, resminamalary eltip bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.

Aşgabatda «sagatlaýyn sürüjini» nädip sargyt etmeli

Hyzmatdan peýdalanmak üçin «Ussat Sürüji» kärhanasynyň hünärmenleri bilen şu telefon belgisi arkaly habarlaşmaly: (+993 65) 63 98 58. Operator sargydyň şertlerini anyklamak bilen, gerekli bolan ýere sürüjini iberýär.

Beýle ýagdaýda müşderi sürüjini özbaşdak hem sargyt edip biler. Munuň üçin bolsa kärhananyň «Google Play» internet dükanyndaky mobil goşundysyndan peýdalanmak ýeterlikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň