Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

09:2520.05.2023
0
20043
Täjigistanda Arkadag şäheri tanyşdyryldy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli muzeýiniň binasynda geçirilen «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy.

Halkara muzeýler gününe bagyşlanan köpugurly medeni çäräniň açylyş dabarasyna Duşenbe şäherinde işleýän diplomatik we konsullyk edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Täjigistanyň daşary işler, medeniýet, bilim we ylym hem-de beýleki ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli öwüşginde bezelen türkmen sergisine milli egin-eşikler, şaý-sepler hem-de elde dokalan türkmen halylary, amaly-haşam sungat eserleri, şeýle-de türkmen halkynyň gaýtalanmajak özboluşlylygyny, onuň köp asyrlyk medeniýetini hem-de däp-dessurlaryny giňişleýin şöhlelendirýän suratlar aýratyn ähmiýet berdi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Arkadag şäheriniň tanyşydyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda oňa gatnaşan myhmanlara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, Arkadag şäherinde «akylly» şäher ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan tehnologiki we ekologiki ugurly toplumlaýyn işleriň alnyp barlyşy babatda giňişleýin maglumat berildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan aýratyn diwarlyk halkara çäresine gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Bagşylaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary hem-de çärä gatnaşanlara hödürlenen türkmen milli tagamlary Türkmenistanyň milli diwarlygynyň özboluşlylygyny has-da artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň