Ermenistanda geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günleri maslahatlaşyldy

09:1220.05.2023
0
18860
Ermenistanda geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günleri maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory Sona Owanisýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ýola goýlan adat bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejededigini bellediler.

Taraplar Türkmenistanyň Ermenistandaky geçirilmegi meýilleşdirilýän medeniýet günleriniň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary derejesinde tejribe alyşmak maksady bilen saparlary guramak baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň