Soňky habarlar

Arhiw

Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

16:2919.05.2023
0
48425

22 — 26-njy maýda Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Hepdeligiň çäreleri Rumyniýanyň Buharest we Konstanta şäherlerinde guralar.

Döredijilik çäreleriniň çäklerinde 22-nji maýda Buharest şäherinde 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän Magtymguly Pyragynyň hormatyna maslahat geçiriler.

Şeýle hem 23-nji maýda Buharest şäherinde, 25-nji maýda bolsa Konstanta şäherinde «Istärin» atly türkmen filmi görkeziler.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri Rumyniýada iň soňky gezek 2016-njy ýylyň maý aýynda geçirilipdi. 2017-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa rumyn medeniýet işgärleri we sungat ussatlary Medeniýet günlerini geçirmek üçin Aşgabat şäherine geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň