Turkmenportal logo
19.05.23
3645036450
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ikinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti Gazagystanda geçiriler
Ikinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti Gazagystanda geçirilerFoto: akorda.kz

«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit 2025-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçiriler. Muny HHR-iň Başlygy Si Szinpin şu gün birinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde yglan etdi diýip, TASS ýazýar.


— Indiki sammit 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler — diýip, Si Szinpin çykyşynda aýtdy.


Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylarynyň mejlislerini her iki ýyldan bir gezek bu formatda geçirmegiň ylalaşylandygy bellenildi.


Belläp geçsek, şu gün Hytaýyň Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine hormatly myhmanlar hökmünde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.