«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit 2025-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçiriler. Muny HHR-iň Başlygy Si Szinpin şu gün birinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde yglan etdi diýip, TASS ýazýar.
— Indiki sammit 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler — diýip, Si Szinpin çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylarynyň mejlislerini her iki ýyldan bir gezek bu formatda geçirmegiň ylalaşylandygy bellenildi.
Belläp geçsek, şu gün Hytaýyň Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine hormatly myhmanlar hökmünde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.