Turkmenportal logo
19.05.23
2780427804
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 540 million dollardan geçdi
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 540 million dollardan geçdi

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda, takmynan, üçden bir esse artyp, 541,05 million amerikan dollaryna barabar boldy diýip, «Trend» Türkiýäniň Statistika institutyna salgylanyp habar berdi.


Bu görkezijiniň, geçen ýylyň ilkinji üç aýy bilen deňeşdirilende, 27,4 göterim köpdügi (424,67 million dollar) habarda aýdylýar.


Şeýle hem bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 306,06 million dollar boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,6 göterim köpdür (227,4 million dollar).


Şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistanyň Türkiýeden importy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen (197,27 million dollar) deňeşdirilende, 19.1% ýokarlandyryp, 234,99 million dollara ýetirdi.


Statistika institutynyň maglumatyna görä, 2022-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,06 milliard dollar bolup, bu 2021-nji ýyldakydan (1,69 milliard dollar) 21,8 göterim köpdür.