Germaniýa Türkmenistanyň raýatlaryna Şengen wizalaryny bermekde öňdebaryjy boldy

13:1519.05.2023
0
57401

Germaniýa 2022-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 2206 Şengen wizasyny berdi we bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy.

«SchengenVisaInfo» neşiriniň habaryna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlary Şengen wizasyny almak üçin 2660 sany arza berdiler. Germaniýa geçen ýyl Aşgabatdaky konsullykda, takmynan, 2206 resminama berip, berlen wizalaryň sany boýunça öňdebaryjy boldy. Italiýanyň diplomatik missiýasy bolsa Şengen wizasy üçin 454 arzany tassyklady.

Bütin dünýä boýunça Şengen sebitindäki ygtyýarly edaralara, takmynan, 7,6 million arza gelip gowuşdy.

Şengen wizasy Şengen ýurtlarynyň (Ýewropanyň 27 döwleti) çäginde, her 180 günlük döwürde 90 günden köp bolmazlyk hukugyny berýär. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň Şengen zonasyna girýän üç ýurdunyň — Germaniýanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň Türkmenistanda diplomatik wekilhanalary bar.

Daşary ýurt wekilhanasy hökmünde Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza anketalaryny diňe şu ýagdaýda kabul edýär: arza beriji göni Awstriýa, Belgiýa, Germaniýa, Gresiýa, Estoniýa, Ispaniýa, Latwiýa, Lýuksemburga, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa, Finlýandiýa, Şwesiýa gitmeli we arza berijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri Türkmenistan bolmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň