Turkmenportal logo
19.05.23
3340733407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet Baştutany Hytaýyň Sian şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitindäki çykyşynda aýtdy.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda:


— Biz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyndan ugur alyp, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda çykyş edýäris — diýip belledi.
Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow:


— Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň dünýä ajaýyp alymlary, oýlap tapyjylary we akyldarlary berendigi mälimdir. Biz bolsa şol örän baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleri hem-de saklaýjylary bolup durýarys. Ine, şoňa görä-de biz bu gyzyklanmalary höweslendirmelidiris hem-de yzygiderli esasda, giňden medeni we ylmy alyşmalara işjeň ýardam bermelidiris — diýip nygtady.


— Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň halklarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramagy we şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip edýärin — diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.