Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrýar

10:1219.05.2023
0
25880

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

— Biz ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary esasy şert bolup durýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynyň dowamynda belledi.

Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» babatdaky taslamasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine ynanýandygy we bu taslamanyň Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlaryny hem-de senagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrýandygy hakynda aýtdy.

— Şunuň bilen baglylykda, öz tagallalarymyzy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde biziň öňümizde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmek aýratyn möhüm diýip hasap edýäris — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň