Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde täze, döwrebap dermanhana açyldy

23:1418.05.2023
0
31064

Şu gün Mary şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasynyň dermanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täze dermanhananyň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazlaryna hem-de söz sözlemek üçin çykyşlara giň orun berildi.

Mary şäherinde täze açylan dermanhana bu ugra degişli düzümleriň üstüni ýetirdi. Şäheriň Garaşsyzlyk köçesiniň ugrunda gurlan dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 500 inedördül metr bolup, ol ilata derman serişdeleri bilen bagly hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwrebap derejede gurlan binada ýerleşýän dermanhananyň iş şertleri bilen tanyşdylar.

Dermanhanada tehniki taýdan hem-de derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçilik babatda hemme zerurlyklar göz öňünde tutulan. Onda dermanhana bölümleri we töleg nokatlary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hem-de sanly ulgama birikdirilen.

Şeýle-de täze dermanhana Türkmenistanda öndürilen derman serişdeleri, dermanlyk ösümlikler, lukmançylyk enjamlary, Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen. Önümleriň ýokary hilli we elýeter bahadan bolmagy bolsa döwlet tarapyndan bildirilýän möhüm talaplaryň biridir.

Işi arakesmesiz we dynç günsüz ýola goýulýan täze dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybarat. Bu bolsa alyjylara zerur derman serişdelerini almak bilen birlikde, gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga-da mümkinçilik berýär. Dermanhanada sorag-jogap gullugynyň işi hem ýola goýlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň