Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

10:5818.05.2023
0
20473

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, alymlar, syýasatşynaslar, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň açylyşynda ýurduň Döwlet baýdagy mynasybetli çykyşlara orun berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen ugurlar we kadalar barada aýdyldy.

Maslahat mowzuklaýyn ugurlaryň üçüsi boýunça geçirildi. Birinji mejlisde adam we raýat hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramagyň hukuk esaslary ara alnyp maslahatlaşyldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginde milli hukuk ulgamynyň orny barada forumyň ikinji mejlisinde edilen çykyşlarda nygtaldy.

Üçünji mejlisiň dowamynda edilen çykyşlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlarynyň taryhy we syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Olarda ýurduň BMG-niň esasy düzümleri bilen energetika, ulag, suw diplomatiýasy boýunça alyp barýan köptaraply we netijeli işi barada aýdyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň