Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Serbiýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

22:0617.05.2023
0
23206

Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Momçilo Babiçden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat hoşniýetli sözler we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ilçi parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary netijesinde halkara giňişlikde belent abraýa eýe bolan döwletde Serbiýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomat amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Ilçi Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, iki halkyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni dialogy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Momçilo Babiç iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň