Turkmenportal logo
17.05.23
1923219232
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Aşgabat» öz oýunçysynyň awtogoly bilen «Altyn asyrdan» ýeňildi
TÝL ― 2023: «Aşgabat» öz oýunçysynyň awtogoly bilen «Altyn asyrdan» ýeňildi

7-nji tapgyryň çäginde «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen «Altyn asyryň» arasynda geçirilen duşuşyk tamamlandy. Duşuşykda «aragatnaşykçylar» 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.


62-nji minutda «Aşgabadyň» futbolçysy Garly Garlyýew dartgynly oýun pursadynda pökgini öz derwezesinden geçirdi. Şol gol hem «Aşgabada» utulyşy, «Altyn asyra» ýeňşi getirdi.


Bu ýeňişden soň utugyny 14-e çykaran «Altyn asyr» ikinji, 9 utukly «Aşgabat» bolsa bäşinji orny eýeleýär.