Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Arkadag» futbol topary «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi

21:2917.05.2023
0
16320

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda myhmançylykda «Energetikden» 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda ýeňiji topardan Begenç Akmämmedow bilen Didar Durdyýew iki gezekden tapawutlandy. Toparyň bäşinji goluny bolsa Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. «Energetik» bu gollara diňe Arslan Ýusubowyň bir goly bilen jogap berip bildi.

Çempionatda geçiren alty duşuşygynyň birinde-de utuk ýitirmedik «Arkadag» futbol topary 18 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. 3 utukly «Energetik» bolsa iň ahyrky basgançakda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň