Soňky habarlar

Arhiw

4 aýda 14 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

18:5917.05.2023
0
25507

2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 14 müňden gowrak türkmenistanly syýahat etmek üçin Özbegistana bardy. Bu barada özbek internet neşirinde habar berilýär.

2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň dowamynda Türkmenistan goňşy ýurda syýahat etmek üçin baran raýatlarynyň sany boýunça 6-njy orny eýeledi. Hasabat döwründe 14,2 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi.

Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistana gelen syýahatçylaryň umumy sany 2,019 milliona deň bolup, olaryň aglabasynyň Merkezi Aziýa döwletlerinden, Russiýadan hem-de Türkiýeden gelýändigini görmek bolýar. Hususan-da, hasabat döwründe Täjigistandan 623 müň, Gazagystandan 558 müň, Gyrgyzystandan 487 müň, Russiýa Federasiýasyndan 207 müň we Türkiýeden 29 müň syýahatçy Özbegistana gelipdir. Şeýlelikde, bu ýurtlar sanawda ilkinji bäşligi emele getirýärler. Sanawyň 6-njy orny Türkmenistana degişli bolup, ilkinji onlukda Koreýa Respublikasy (9,2 müň), Hindistan (8,3 müň), Hytaý (6,3 müň) we Germaniýa (5,7 müň) ýaly ýurtlaryň atlaryna hem duş gelmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň