Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebitine 592 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

18:1717.05.2023
0
24813

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň 592 tonnasyny eksport etdi. Bu barada «Rosselhoznadzor» habar berdi.

«Rosselhoznadzoryň» Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk sebiti boýunça edarasynyň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan Ulýanowsk sebitine gelen 592,43 tonna ýuwlan goýun ýüňüniň 30 tapgyryny gözden geçirdiler. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 35% köpdür.

Ýüke degişli resminamalara laýyklykda, hünärmenler ýüňüň soňky 12 aýyň dowamynda agsyl keseli hasaba alynmadyk ýerlerde öndürilendigini hem-de ýuwlandygyny mälim etdiler.

Gözlegleriň netijelerine esaslanyp, ulagyň, gözegçilik edilýän ýükleriň we weterinariýa resminamalarynyň Russiýa Federasiýasynyň weterinariýa talaplaryna laýyklygy kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň