Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyz uniwersiteti Pyragynyň şygyrlaryny gyrgyz diline terjime etmäge ýardam berýär

15:3617.05.2023
0
41317

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow Ý.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektory T.Abdyrahmanow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen bu uniwersitetiň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, uniwersitetiň rektoryna Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler babatda maglumat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp uniwersitetde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda tegelek stoly, 2024-nji ýylda «Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmek babatda ylalaşyldy. Mundan başga-da, rektor Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny gyrgyz diline terjime etmek boýunça ilçihana tarapyndan alnyp barylýan işlere doly goldaw berjekdigini mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň