Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNESKO-dan sertifikatlaryň gelip gowuşmagy mynasybetli dabara geçirildi

10:3217.05.2023
0
28495

16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, aýdym-sazly dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli kümüş şaý-sepler görkezildi.

Dabara Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Dünýä ýaň salýandyr türkmen mirasy» atly edebi-sazly çykyşdan başlandy. Onuň dowamynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, kämillik derejesine ýetirilen milli mirasyň türkmen halkynyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygy we olaryň häzirki döwürde eýeleýän orny açylyp görkezildi.

Dabaraly maslahata gatnaşýan myhman Golda El-Huri çykyşynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, BMG-niň özüniň wekilçilik edýän düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şonda «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary, ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary, «Laçyn» folklor topary çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda wäşiler toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Ependiniň ýomaklaryny ýerine ýetiren artistleriň çykyşlaryny tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Aýdym-sazly dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Geçen ýyllarda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda uly tejribe toplandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň