Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi 70 ýaş toýy bilen gutlady

10:1717.05.2023
0
24946
Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi 70 ýaş toýy bilen gutlady
Surat: uk.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şanly 70 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda: «Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady ösüş ýolunda yzygiderli öňe barýar. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde ýurduňyzyň abraýy barha ýokarlandy. Biz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirýäris» diýip, belläp geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk we Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bagtyýar durmuşynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň