Turkmenportal logo
17.05.23
2179121791
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda german kompaniýasynyň wekiliýeti kabul edildi
Aşgabatda german kompaniýasynyň wekiliýeti kabul edildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen Germaniýanyň «Goetzpartners» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi.


16-njy maýda bolan duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.


Şeýle hem ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygy pudagynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäginde pikir alşyldy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.