Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň halkyna iberlen azyk, derman we dokma önümleri owgan tarapyna gowşuryldy

18:3216.05.2023
0
14054

Turgundy gözegçilik-goýberiş nokadynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystanyň halkyna iberlen azyk, derman we dokma önümleri resmi we dabaraly ýagdaýda owgan tarapyna gowşuryldy. Bu barada «Turkmenistaninfo.gov.tm» habar berdi.

13-nji maýda gowşurylan kömekler Owganystanyň Adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça döwlet ministrliginiň Içerki barlag departamentiniň başlygy Molla Mohammad Mobin Maftunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet tarapyndan kabul edilip alyndy. Şeýle-de dabaraly çärä owganystanly türkmenler hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Owgan tarapy Owganystanyň halkyna ähli ugurda yzygiderli berýän ynsanperwer kömekleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Milli Liderine özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler we iki goňşy halklaryň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň