Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

21:5216.05.2023
0
24599
Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelti kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň dowamynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahata gatnaşyp biljekdigini, bu çäräniň häzirki döwürde ýüze çykýan wehimleri ýeňip geçmekde Bitaraplygyň ornuna bagyşlanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany şeýle-de bu saparyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda ykdysady ösüşi, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, şeýle-de ekologiýa abadançylygy we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Adam hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmagy hem-de demokratik institutlary pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge, netijeli parlamentara gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň