Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan KazanForuma gatnaşar

20:5616.05.2023
0
31786

18-19-njy maýda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellendi. Tatar Lideriniň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu foruma gatnaşjak türkmen wekiliýeti ýurduň senagat, ulag we gurluşyk pudaklarynyň ýolbaşçylaryny öz içine alar.

XIV halkara ykdysady forumy «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» 18-19-njy maý günleri «Kazan Ekspo-nyň» çäginde geçiriler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş topary işini üstünlikli amala aşyrýar. Onuň sekizinji mejlisi şu ýylyň mart aýynyň ortasynda Aşgabatda geçirilip, onuň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň