Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti UNESCAP-nyň 79-njy mejlisine gatnaşýar

15:2816.05.2023
0
38882
Türkmen wekiliýeti UNESCAP-nyň 79-njy mejlisine gatnaşýar
Surat: mfa.gov.tm

2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisi öz işine başlady.

«Durnukly ösüş üçin Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde howanyň üýtgemegi boýunça hereketleri çaltlandyrmak» mowzugy bilen geçirilýän bu mejlis howanyň üýtgemegi babatynda sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri döreder.

Sebitde we onuň çäklerinden daşarda howanyň üýtgemegi boýunça hereketleri çaltlandyrmak üçin zerur bolan sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bu mejlisiň işine Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň hökümet ýolbaşçylary we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň mejlisi 19-njy maýa çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň