Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi

10:2016.05.2023
0
13619

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.

Astana şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar boýunça pikir alyşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag, maliýe, oba hojalygy we suw dolandyrylyşy, gurluşyk, medeniýet we syýahatçylyk, bilim we ylym, şeýle hem nebit-gaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň üstünde durlup geçildi.

R.Sklýar öz çykyşynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça çalt depginde ösýändigini belledi. Muňa goşant goşýan esasy görkeziji iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklar, şeýle hem adaty häsiýete eýe bolan özara saparlar bolup durýar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz gezeginde Gazagystan Respublikasynyň Merkezi Aziýada Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtady, muňa bolsa şu ýylyň ilkinji 4 aýyň dowamynda özara söwdanyň depginli ösýändigi baradaky sanlar şaýatlyk edýär. Türkmen tarapy dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary söwda dolanyşygynyň we ösüş depgininiň oňyn derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine we çuňlaşmagyna itergi bermek üçin ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň netijesinde Teswirnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň