Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

21:3615.05.2023
0
18870

― Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 38-e çykdy.

Tapgyrda derwezelere 15 gol geçirildi. Bu bolsa möwsümiň iň ýokary netijesidir.

― 6-njy tapgyrdan soň möwsümde geçirilen gollaryň sany 67-ä çykdy.

«Merw» ― «Köpetdag» – 2:2

Gollar: 8 Mukam Nazzyýew, 10 Ambýar Mahmudow – 52 Öwezbaý Muhammetmyradow, 88 Ýazgylyç Gurbanow.

«Ahal» ― «Aşgabat» ― 0:2

Gollar: 60, 63 Şatlyk Gurbanow.

Baýjan Satlykow şu möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedik ilkinji futbolçy boldy.

― Şu duşuşykdan soň «Aşgabat» Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 700-e tegeledi. Paýtagtyň adybir topary milli çempionatda 700 gol geçiren 10-njy topar boldy.

«Altyn asyr» – «Şagadam» – 4:0

Gollar: 20 Azat Annaýew, 57 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 59, 82 Wahyt Orazsähedow.

― «Altyn asyr» şu möwsümde garşydaş derwezelere 10 pökgi geçiren ikinji topar boldy. 6-njy tapgyrdan soň toparyň geçiren gollarynyň sany 11-e çykdy.

― «Altyn asyr» topary bu ýeňişden soň utugyny 11-e çykaryp, ýaryş tertibinde ikinji orna göterildi.

― Myrat Annaýew bilen Wahyt Orazsähedowyň ikisi hem möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 5-e çykaryp, möwsümiň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ikinji orna göterildiler.

― Möwsümde 11 metrlik jerime urgularynyň eýýäm üçünjisinden dürs peýdalanan Myrat Annaýew bu babatda birinji orunda. Ýeri gelende aýtsak, ol bassyr üç tapgyr bäri ― 4-nji, 5-nji we 6-njy tapgyrlarda 11 metrlik jerime urgularyny dürs ýerine ýetirip gelýär. Çempionatyň şu möwsüminde 5 gol geçiren Myrat gollarynyň 3-sini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

― Azat Annaýew Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

Duşuşykda Wahyt Orazsähedowyň geçiren birinji goly «Altyn asyryň» Türkmenistanyň çempionatyndaky 900-nji goly boldy. Häzir hasabynda 901 gol bolan aragatnaşykçylar milli çempionatda 900 we ondan hem kän gol geçiren toparlaryň sanawyna altynjy topar bolup goşuldylar.

«Arkadag» ― «Nebitçi» – 5:0

Gollar: 23, 66 Didar Durdyýew, 73 Begenç Akmämmedow, 77 Altymyrat Annadurdyýew, 82 Yhlas Saparmämmedow.

― «Nebitçi» täze möwsümde ilkinji gezek utuldy. Toparyň mundan öň şu möwsümde üç ýeňşi, bir deňligi bardy.

― Didar Durdyýew bassyr tapawutlanyp gelýän duşuşyklarynyň sanyny 8-e çykardy. Olaryň 5-si Türkmenistanyň çempionatynda, 3-si Kubok ýaryşyndadyr.

― Çempionatyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 7-ä çykaran Didar Durdyýew iň netijeli hüjümçileriň sanawynda birinji ornuň ýeke-täk eýesi.

Goşa gol Didar Durdyýewi soňky 12 möwsümde ― 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çempionatynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda birinji orna çykardy. Indi onuň şol möwsümden bäri çempionatda 144 goly bar.

― «Nebitçiniň» 3 oýunlyk ýeňişli, 4 oýunlyk utulyşsyz tapgyry tamamlandy.

― Milli çempionatdaky ilkinji 5 resmi duşuşygynda 15 utuk gazanyp, 19 gol geçiren «Arkadag» futbol topary iň kän gol geçirenleriň arasynda 32-nji, iň kän utuk toplanlaryňň arasynda 29-njy orna göterildi. Ýeri gelende aýtsak, Ýokary liganyň taryhynda 34 topar çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň