Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasynyň şenbe güni Siandan (HHR) Aşgabat şäherine (Türkmenistan) ilkinji uçuşy amala aşyryldy. Bu barada «Sinhua» habar berdi.
Maglumatlara görä, «CZ5085/6» uçuşlar her şenbe güni Sian (XIY) — Urumçi (URC) — Aşgabat (ASB) ugry boýunça amala aşyrylar. Ýolagçylar Pekin wagty bilen 17:30-da Siandan göge galyp, ýerli wagt bilen 23:10-da Aşgabat şäherine geler. Yzyna gaýdýan uçar ýekşenbe güni ýerli wagt bilen 00:40-da Aşgabatdan ýola çykar we Pekin wagty bilen 12:30-de Siana barar.
«China Southern Airlines» awiakompaniýasy Türkmenistanyň paýtagtyna göni uçuşlary hödürleýän ýeke-täk hytaý gatnawydyr.
«China Southern Airlines» awiakompaniýasynyň Sian şahamçasynyň müdiriniň orunbasary Li Szýusýuan häzirki wagtda ýolagçylaryň köpüsiniň iş saparlaryny amala aşyrýanlardan ybaratdygyny, geljekde bolsa syýahatçylaryň has köpeljekdigini aýtdy.
Aşgabat «China Southern Airlines» awiakompaniýasynyň Merkezi Aziýada Astana (Gazagystan), Bişkek (Gyrgyzystan), Duşanbe (Täjigistan) we Daşkent (Özbegistan) şäherlerinden soň gatnaw edýän bäşinji ugry boldy.