«AMAKids» ösüş akademiýasy mental arifmetika we iňlis dili boýunça gyzykly sapaklara çagyrýar

11:3815.05.2023
0
31218

«AMAKids» çaga intellektini ösdürmek akademiýasy 5 – 14 ýaş aralygyndaky çagalar üçin mental arifmetika we iňlis dili boýunça sapaklary geçirýär, şeýle hem mekdebe taýýarlyk boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Akademiýada çagalara arifmetika we iňlis dili ýaly çylşyrymly ugurlar boýunça bilim bermek iň täze okuw usullary esasynda alnyp barylýar. Bu usullaryň binýady – çylşyrymly materiallary hem ýeňil özleşdirmäge kömek edýän okatmagyň oýun usulyndan, her bir okuwça özbaşdak çemeleşmekden, sapaklarda goşmaça stresse sebäp bolup biljek bäsleşikli pursatlaryň bolmazlygyndan ybaratdyr, okuwçylar olimpiadalarda we ýaryşlarda öz başarnyklaryny görkezip, beýleki okuwçylar bilen bäsleşip bilerler.

Mental arifmetika – bu aňda iki belgili sanlardan başlap, köp belgililere çenli islendik sanlaryň hasaplamalaryny (goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek) ýatdan işlemäge mümkinçilik berýän özboluşly we täsirli usuldyr. Bu usulyň binýady abakusy, ýagny amalllary ýerine ýetirmäge kömek edýän gadymy hasaplamalary hyýalyňda göz öňüne getirmekden (wizuallaşdyrmakdan) ybaratdyr. Mental arifmetika bilen meşgullanmak beýniniň pikirlenişe we döredijilik-duýgy proseslerine jogap berýän iki ýarymşarynyň hem birbada işjeňleşmegine mümkinçilik berýär, ýatkeşligi we ünslüligi türgenleşdirýär, şeýle hem beýniniň maglumatlary gaýtadan işlemek tizligini artdyrýar. Mental arifmetikany özleşdirmek çaga arifmetiki amallaryň ähli görnüşlerini beýlekileriň kalkulýator bilen işlemegindenem has çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Iňlis dilini bilmek – biziň döwrümizdäki wajyp üstünlikleriň biridir. «AMAKids-de» çagalaryň iňlis dilini öwrenmekleri üçin iň döwrebap usullar peýdalanylýar, bu usullary işläp düzmekde diňe bir pedagoglar däl, eýsem, bu dilde gürleýänleriň işjeň gatnaşmaklarynda oýun dizaýnerleri, aktýorlar, diktorlar hem zähmet çekdiler. «AMAKids-de» iňlis dili boýunça okuwlar grammatikany we sözleri öwrenmek ýaly içgysgynç usullardan düýpli tapawutlanýar – ýörite mnemotehnikalar çagalara oýun görnüşinde täze maglumatlary özleşdirmäge we ýat tutmaga, şonuň esasynda bolsa diňe bir iňlis dilinde ynamly gürlemäge däl, eýsem, iňlis dilinde pikirlenmäge hem mümkinçilik berýär.

Mekdebe girmäge taýýarlyk, özi üçin täze şertlere uýgunlaşmakda döräp biljek kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek etjek esasy bilimler – ulalmagyň ýolunda möhüm ädimdir. «AMAKids-iň» pedagoglary täze bilimleriň has täsirli özleşdirilmegi üçin mekdebe taýýarlygy oýun görnüşinde geçirýärler. Taýýarlyk okuwlarynda çagalara matematikanyň, okamagyň başlangyç bilimleri öwredilýär, olar daşky gurşaw bilen tanyşdyrylýar, şeýle hem mekdepdäki okuw prosesine ruhy taýdan taýýarlanylýar.

Goşmaça maglumat almak ýa-da çagany «AMAKids» akademiýasynyň okuwlaryna ýazdyrmak üçin şu telefon belgilerine jaň etmek ýeterlikdir: (+993 62) 52 56 38, (+993 63) 63 91 92.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň