Dört duşuşykda derwezelere 15 goluň geçirilmegi bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynda 6-njy tapgyr yzda galdy.
Tapgyryň iň kän golly duşuşyklary Aşgabatda we Maryda oýnaldy. Paýtagtda «Arkadag» futbol topary «Nebitçini» 5:0, «Altyn asyr» bolsa «Şagadamy» 4:0 hasabynda ýeňdi. Mary şäherinde ýerli «Merw» «Köpetdag» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.
Ýurduň häzirki çempiony tapgyrda «Aşgabady» kabul edip, 0:2 hasabynda utuldy.
6-njy tapgyrdan soň 15 utukly «Arkadag» futbol topary ýaryşyň başyny çekýär. «Altyn asyr» bilen «Köpetdagda» 11 utukdan bar.
Çempionat 17-nji maýda geçiriljek «Şagadam» ― «Merw», «Aşgabat» «Altyn asyr», «Nebitçi» ― «Ahal» we «Energetik» ― «Arkadag» duşuşyklary bilen dowam eder. Tapgyrda paýtagtyň «Köpetdag» futbol topary dynç alar.