Soňky habarlar

Arhiw

«Barselona» çempionatyň tamamlanmazyndan 4 tapgyr ozal Ispaniýanyň çempiony boldy

10:3915.05.2023
0
26697

«Barselona» Ispaniýanyň çempionatynyň 34-nji tapgyrynda myhmançylykda «Espanýoly» ýeňlişe sezewar etdi. Ýekşenbe güni geçirilen oýun 4:2 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

«Barselonanyň» gollaryna Robert Lewandowski (11, 41) Alehandro Balde (20) we Žýul Kunde (53) awtorlyk etdi. Ýer eýeleriniň düzüminde Hawýer Puado (73) we Hoselu (90+2) tapawutlandy.

Şeýlelikde, «Barselona» 34 tapgyrdan soňra utuklarynyň sanyny 85-e ýetirip, wagtyndan 4 oýun öň ýurduň çempionlygyny resmi taýdan özüniňki etdi. Sebäbi ikinji ýerdäki «Real» liderden 14 utuk yzda barýar.

«Barselona» öz taryhynda 27-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Topar soňky gezek şeýle üstünlige 2018/19-njy ýyldaky möwsümde mynasyp bolupdy. Şondan bäri «Real» iki gezek (2019/20, 2021/22) we «Atletiko» bir gezek (2020/21) ýurduň çempiony boldy.

Ýeri gelende bellesek, «Espanýol» bilen oýunda dubl eden Robert Lewandowski özüniň ýaryşdaky gollaryny 21-e ýetirdi. Ol häzirki wagtda turniriň bombardirleriniň ýaryşynda ikinji ýerdäki Benzemadan 4 gol tapawut bilen liderlik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň