Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine taýýarlyk boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

22:2513.05.2023
0
18264
Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine taýýarlyk boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýewiň Aşgabada sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çalt depgin bilen ösýändigini, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarjakdygy nygtaldy.

Öň Ma Çžaosýuýyň Serdar Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň