Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

21:5813.05.2023
0
30710

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konsernine täze ýolbaşçy belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Babaýew Maksat Mämmetsaparowiç Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.

Konserniň öňki başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiç Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bellenilmegi bilen baglylykda bu wezipeden boşadyldy.

Ozal Babaýew Maksat Mämmetsaparowiç 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan 5-nji apreline çenli Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinde işledi. 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinden 2018-nji ýylyň 11-nji apreline çenli wise-premýer wezipesinde ýurduň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik etdi. 2018-nji ýylyň aprelinden 2023-nji ýylyň fewralyna çenli «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli edaralarda we kärhanalarda dürli wezipelerde zähmet çekip, 2023-nji ýylyň fewralyndan bäri «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň