Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi

09:5513.05.2023
0
34188

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň kazyýetiniň başlygy we orunbasary, şeýle hem Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipä bellenildi.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Permanda şeýle diýilýär:

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Maksat Hojamyradowiç Herräýewi Arkadag şäheriniň kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli;
Tuwakmämmet Gurbanseýidowiç Gurbanseýidowy Arkadag şäheriniň kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli;
Annajahan Gurbanmyradowna Orazowany Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Arkadag şäheriniň kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň