Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň pes hümmetsizlenmeli ýurt belli boldy

12:4912.05.2023
0
46409
Dünýäde iň pes hümmetsizlenmeli ýurt belli boldy
Surat: votpyck.ru

Bahreýn martda ýyllyk deflýasiýaly (artykmaç kagyz pullary dolanyşykdan aýyrmak arkaly pul möçberiniň azaldylmagy) ýeke-täk döwlet hökmünde yglan edildi, onuň möçberi 0,1 göterimi düzdi diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Tengrinews.kz» habar berýär.

Şu ýazyň başynda hümmetsizlenmäniň 102 sany ýurtda haýallandygy hasaba alyndy. Has görnetin aşaklama Günorta Sudanda (12,1 göterim punkt), Ganada (7,8), Russiýada (7,5), Belarusda (5,7), Zimbabwede we Türkiýede (4,7) ýüze çykaryldy.

Şol bir wagtda nyrhlaryň ösmegi 34 ýurtda, iň ýokary derejede Liwanda (74,2 göterim punkt) ýüze çykdy. Burundide bu görkeziji 4,6 we Efiopiýada 2,2 göterim punkty derejesinde boldy.

Bahalaryň ösüş depgini dört ýurtda: Mongoliýada, Gündogar Timorda, Keniýada we Namibiýada üýtgewsizligine galdy.

Barlaglar 193 ýurduň milli statistika gulluklarynyň maglumatlary esasynda geçirildi. Ahyrky sanawa şu maýyň başynda mart aýy üçin maglumatlary beýan eden ýurtlaryň 142-si girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň