Soňky habarlar

Arhiw

«Ýuwentus» Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda «Sewilýa» bilen deň oýnady

10:1812.05.2023
0
24896

Turiniň «Ýuwentus» kluby Ýewropa ligasynyň 2022/23-nji ýyldaky möwsüminiň deslapky ýarym final oýnunda «Sewilýa» bilen deň oýnady. «Ýuwentusyň» meýdanynda geçirilen oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Myhmanlaryň düzüminde 26-njy minutda Ýossef En-Neseri öz goly bilen toparyny hasapda öňe çykardy. 97-nji minutda bolsa Federiko Gatti tapawutlanyp, «Ýuwentusy» ýeňlişden halas etdi. «Ýuwentus» — «Sewilýa» gapma-garşylygynyň ýeňijisi finalda «Roma» — «Baýer» jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar. Olaryň arasyndaky birinji oýun 1:0 hasabynda rimlileriň peýdasyna tamamlandy.

Ýewropa ligasynyň finaly 31-nji maýda Budapeştde oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň