Arhiw

TÝL ― 2023: 12-13-nji maýda 6-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

13:2311.05.2023
0
26560

12 ― 13-nji maýda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 6-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler.

Tapgyryň çäginde 12-nji maýda üç duşuşyk geçiriler. Olaryň biri sagat 17-de, ikisi 17:30-da başlanar.

Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda ýerli «Merw» «Köpetdagy» kabul eder. TFF bu duşuşygyň öýlän sagat 17:30-da başlanjakdygyny habar berdi.

Edil şol wagtda Aşgabatdaky «Nusaý» stadinynda «Ahal» ― «Aşgabat» duşuşygyna hem badalga berler. «Altyn asyr» sagat 17-de başlanjak duşuşykda Büzmeýin etrabyndaky sport toplumynda «Şagadamy» kabul eder.

Tapgyr 13-nji maýda geçiriljek «Arkadag» ― «Nebitçi» duşuşygy bilen tamamlanar. Sagat 17-de başlanjak duşuşyk Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň