Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti, Türkiýe Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki maslahat beriş toparynyň döredilmegi baradaky resminamany tassyklady.
«Report»-yň habaryna görä, Karar resmi metbugatda çap edildi.
Ähtnama laýyklykda, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin gümrük hyzmatdaşlygy we maglumat alyşmak boýunça bilelikdäki topary döreder.
Bilelikdäki Konsultatiw toparynyň işi Taraplaryň döwletleriniň arasynda geçirilýän harytlar babatda gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine, özara maglumat alyşylmagyna, gümrük gözegçiliginiň kämil usullaryndan peýdalanmak üçin çäreleriň görülmegine hem-de gümrük hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdiriler.
Ýatlap geçsek, bu Ähtnama 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde gol çekilipdi.