Turkmenportal logo
09.05.23
1322013220
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklarynyň eminleri belli boldy
Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklarynyň eminleri belli boldy

UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklaryna eminleri belledi.


9-njy maý güni Madrid şäherinde geçiriljek «Real» ― «Mançester Siti» duşuşygynda portugaliýaly eminler işlär. Baş emin Artur Diaşa watandaşlary Paulu Soareş bilen Pedru Ribeýru ýardam berer. Duşuşygyň dördünji emini italiýaly Danele Orsato, VAR emini hem italiýaly Massimiliano Irrati, AVAR emini bolsa portugaliýaly Týagu Martinş bolar.


10-njy maýda «Milan» bilen «Interiň» arasynda geçiriljek duşuşykda ispaniýaly eminler işlär. Baş emin Hesus Hil Mansano watandaşlary Diego Barbero bilen Anhel Newado Rodriges ýardam berer. Duşuşygyň dördünji emini Hose Sançes bolar. VAR-da Huan Martines, AVAR-da bolsa Alehandro Ernandes işlär.


Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary 16-njy we 17-nji maýda bolar. Final duşuşygy bolsa 10-njy iýunda Stambul şäherinde geçiriler.