Aşgabatda geçirilen «Baky polk» ýörişine 1 müňden gowrak adam gatnaşdy

10:4809.05.2023
0
27454

Şenbe güni Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň ýardam bermeginde «Baky polk» ýörişi geçirildi. Mekdebiň çäginde geçirilen çärä, TASS-yň habar bermegine görä, 1,2 müň adam gatnaşdy.

Çäräniň açylyş dabarasynda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň geňeşçisi Wladimir Nestoýanow söz sözläp, dabara gatnaşyjylaryň hemmesini rus ilçihanasynyň adyndan 1945—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli gutlady hem-de bu senäni hatyralandyklary üçin ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol öz çykyşynda «Baky polk» çäresiniň ähmiýetini belledi.

- Bu çäre häzirki ýaşap ýörenlere, aramyzda gezip ýören weteranlara hem-de tylda zähmet çekenlere minnetdarlykdyr. Olar häzir şu ýerde, şu meýdanda. Olara köp sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem biziň ata-babalarymyzyň, umumy gahrymançylygymyzyň hormatynyň, taryhy hakydanyň bu ýurtda saklanýandygy üçin ýurduň ýolbaşçylaryna, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa köp sagbolsun aýdýaryn - diýip, Wladimir Nestoýanow öz çykyşynda aýtdy.

A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň müdiri Irina Kuminowa bu çäräniň 2015-nji ýyldan bäri geçirilýändigini, bu gün bolsa oňa 1,2 müň adamyň hatarynda okuwçylaryňdyr mugallymlaryň ençemesiniň gatnaşýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň