Turkmenportal logo
09.05.23
2247822478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi
Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi

Täjigistan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. 8-nji maýda geçirilen mejlise iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Nygtalyşy ýaly, ykdysadyýetlerini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän Türkmenistanda we Täjigistanda telekeçiligi netijeli hem-de depginli öňe ilerletmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.


Şeýle hem Duşenbe şäherinde «Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi» atly «tegelek stoluň» başyndaky halkara maslahat geçirildi. Onuň işine Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, degişli ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary gatnaşdylar. Çykyşlarda innowasion bilim tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, seýsmologiýa we seýsmodurnukly gurluşyk babatda hyzmatdaşlyk ýaly möhüm meselelere deglip geçildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.