Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş güni bilen gutlady

08:0009.05.2023
0
22431

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen gutlady.

— Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Söweş meýdanlarynda edermenlik görkezip, tylda janyny aýaman zähmet çekip, basybalyjylardan üstün çykan hem-de adamzady faşizm wehiminden halas edenler baradaky ýagty ýatlamalar hakydamyzda hemişelik ýaşar.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dost-doganlygyň, birek-birege goldaw bermegiň oňyn däpleriniň dostlukly gatnaşyklarymyzyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn — diýip, Wladimir Putin «Türkmenistan» gazetinde çap edilen gutlag hatynda belleýär.

Gutlagynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna tüýs ýürekden gutlaglaryny, berk jan saglyk, ruhubelentlik we uzak ömür baradaky arzuwlaryny ýetirmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowdan haýyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň