Türkmen lukmanlary Owganystana bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermäge giderler

14:1608.05.2023
0
42458

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş edaralaryndan degişli lukmanlar Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine iş sapary bilen iberiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen resminamada bellenilýär.

Bu barada degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermek maksady bilen, 2023-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş edaralaryndan degişli lukmanlaryň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine bellenen tertipde iberilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ozal Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup, 2016-njy ýylda ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dorgulýan öýünde ynsanperwerlik çäresiniň geçirilendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň